
Täzelikler
160

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça utgaşdyryjy geňeşiň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynda” göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýokary hünär bilimini ösdürmek barada döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäginde "FUTURE READY ESP: NAVIGATING SPECIALIZED LANGUAGE EDUCATION" atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Uniwersitetiň Tehniki ugurlar boýunça daşary ýurt dilleri kafedrasynyň guramagynda geçirilen bu maslahat halkara derejede bäsleşige ukyply, inženerçilik we tehnologiýa ugurlaryndan baş çykarýan hem-de daşary ýurt dillerini kämil özleşdiren hünärmenleri ýetişdirmek ugrundaky uly ädimdir.
Maslahatda adaty dil okatmak usulyny hünäre gönükdirilen döwrebap gurala öwürmek, talyplara diňe bir umumy iňlis dilini däl, eýsem, halkara zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagy üpjün edýän hünär boýunça dilleri döwrebap we sanly gurallar arkaly öwretmegiň täze ylmy-usuly ugurlaryny kesgitlemek maksat edinildi. Maslahatyň dowamynda talyplaryň okaýan hünärlerine degişli bolan ýöriteleşdirilen adalgalary hem-de ylmy terjime etmegi öwretmek üçin döwrebap usullar hödürlendi, geljekki hünärmenlere daşary ýurt dillerinde ýokary derejeli gepleşikleri geçirmek, çykyş etmek we ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin hünär dillerini öwretmegiň aýratynlyklaryna üns çekildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan mugallymlar maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan täze usullaryň dil ukyplaryny ösdürmekde ähmiýetlidigini belläp, oňa ýokary baha berdiler.
Maslahata gatnaşyjylar okamak, öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galmagy ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.