
Täzelikler
93

Hormatly Arkadagymyz we Arkadagly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda sporty we jemgyýetçilik saglygyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty höweslendirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany ýylynda, 2026-njy ýylyň 21-22-nji maýynda geçirilen Türkmenistanyň Çempionatynda ýeňil atletikanyň ýadro oklamak görnüşi boýunça 16,85 metr netije görkezip, hormatly I orny eýelän mekdebimiziň bedenterbiýe mugallymy Kakajaýew Gurbannazary gutlaýarys!
Siziň gazanan bu ajaýyp ýeňşiňiz hem-de görkezen ýokary netijäňiz biziň hemmämiz üçin uly buýsançdyr. Size berk jan saglyk, uzak ömür we geljekde hem sport äleminde mundan-da belent üstünlikleri gazanmagyňyzy tüýs ýürekden arzuw edýäris! Ýeňşiňiz gutly bolsun!