
Täzelikler
146

2026-njy ýylyň maý aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Haly türkmeniň kalbydyr» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halysy halkymyzyň mähir-muhabbetiniň älemgoşar öwüşgünli lälesidir. Ol ata-babalarymyzyň geçen şöhratly durmuş ýollaryny reňkleriň dili bilen ýazan ýürek ýazgysydyr» diýen parasatly sözlerini ýol-ýörelge edinip, türkmen halysy, halyçylyk sungaty ýaly temalar boýunça çykyşlar diňlenildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz we tans toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde türkmen halysyny, halyçylyk sungatyny, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty