
Täzelikler
37

2026-njy ýylyň 23-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Berkarar döwletim» atly tegelek stoluň başynda uniwersitetiň professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde gepleşik ýazga geçirildi.
Uniwersitetiň professor-mugallymlary özleriniň çykyşlarynda 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen GDA Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmeginiň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda taryhy ähmiýetli wakalarynyň biridigini belläp geçip, bu mejlisiň ýurdumyzyň daşary syýasy diplomatiýasynda hem örän uly ornunyň bardygyny çykyş edýänler belläp geçdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze we has işjeň tapgyra gadam basandygyny, Türkmenistanyň guramanyň çäklerindäki ykdysady, diplomatik we medeni taslamalara gaty yzygiderli hem-de netijeli gatnaşyp gelýändigini çykyş edýänler uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Ýurdumyzyň daşary syýasy işini, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde alnyp barylýan döwlet syýasatyny we taryhy wakalary wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde şular ýaly duşuşyklar giň gerimde geçirilýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti