
Täzelikler
92

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dosenti, weterinariýa ylymlarynyň doktory Töre Garlyýewiň galamyndan çykan «Zoogigiýena» atly täze okuw kitaby neşir edildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşire taýýarlanan bu kitap ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenip, uniwersitetiň öz çaphanasynda çap edildi. Bu barada Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.
Täze neşir esasan weterinar lukmançylygy ugurlary boýunça okaýan talyplara, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň degişli hünärmenlerine gollanma bolar.
Okuw kitabynda zoogigiýena ylmy we onuň önümçilikdäki ulanylyşy giňişleýin şöhlelendirilýär. Neşirde daşky gurşawyň, ýagny howanyň, topragyň, suwuň we iýimleriň hili, olaryň mallaryň bedenine ýetirýän täsirleri ylmy esasda düşündirilýär. Şeýle hem bu kitapda mallaryň saglygyny berkitmäge, olaryň önümliligini artdyrmaga we dürli oňaýsyz şertleri aradan aýyrmaga ýardam edýän döwrebap weterinariýa we sanitariýa çemeleşmeleri, usullary we täzeçil ylmy düzgünler önümçilige ornaşdyrmak üçin durnukly görkezme hökmünde hödürlenilýär.
Täze kitabyň aýratyn bölümlerinde atlaryň, itleriň, gara mallaryň, düýeleriň, dürli guşlaryň, şol sanda Türkmenistanda broýler hem-de hind towukçylyk önümçiliginiň, hatda emeli suw howdanlarynda balyklaryň ösdürilip ýetişdirilişiniň gigiýenasy aýratynlykda beýan edilýär. Esasan hem ahalteke atlarynyň saklanylyşy, athanalara we teblehanalara bildirilýän talaplar, nallamagyň taryhy hem-de häzirki zaman enjamlary giň we täsirli maglumatlar arkaly beýan edilýär. Mundan başga-da, mallary we guşlary dürli ulaglarda bir ýerden başga ýere daşamakda berjaý edilmeli weterinariýa-sanitariýa we gigiýenik düzgünleri geljekki hünärmenler üçin gymmatly çeşmedir.