
Täzelikler
174

Dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halky özüniň müňýyllyklara uzaýan geçmişinde dünýäniň genji-hazynasyna öwrülen medeni we sungat eserleriniň ýüzlerçesini döretdi. Şolaryň hatarynda ajaýyp medeni gymmatlyklarymyzyň biri hem gözbaşyny adamzat taryhynyň iňňän gadymy döwürlerinden alyp gaýdýan haly sungatydyr. Türkmen halylarynyň gözelligi bu gün – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhuny ganatlandyrýar, baý öwüşginli reňkleri, nagyşlary jana şypa beriji sungat bolup görünýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan inçeden nepis haly sungatyna aýratyn üns berilýär, haly sungatyny ösdürmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar, milletimiziň ruhy hem-de maddy medeniýetiniň gadymy däplerini özünde jemleýän haly sungaty täzeden dikeldilýär.
Halkymyzyň milli nepisligimize bolan hormatynyň, söýgüsiniň nyşany hökmünde her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde döwlet tarapyndan «Türkmen halysynyň baýramy» uly ruhubelentlikde bellenilip geçilýär.
Umumybilim berýän orta mekdepleriň mekdep kitaphanaçylary hem edebi döredijiligiň wagyzçysy, hiç haçan sarpasy egsilmejek milli mirasymyzyň, sungatymyzyň waspçysy hökmünde «Türkmen halysynyň» baýramy mynasybetli dürli çäreleri geçirýärler. Olardan, Aşgabat şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň kitaphanasynyň Aşgabat şäheriniň Mollanepes adyndaky jemagat kitaphanasynyň Dykma Serdar köçesindäki şahamçasy bilen bilelikde geçiren «Äleme belli türkmen halysy» atly edebi agşamynda mekdebiň kitaphana müdiri Enebaý Ataýewa tarapyndan guralan, bu täsin gözelligi wasp edýän kitap sergisi we okuwçy gyzlar tarapyndan taýýarlanylan milli el işleriniň sergisi oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Mekdep okuwçylary milli sungatymyz hakyndaky rowaýatlary sahnalaşdyryp, türkmen halysyna bagyşlanan goşgulary labyzly okap, aýdymlary ýerine ýetirip, bu çäräniň has-da gyzykly geçmegine öz goşantlaryny goşdular. Şeýle-de, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy. Türkmen halysynyň milli muzeýi ruhy we maddy medeniýetiň ojagy, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriniň hazynasy bolup durýar. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen çeperçilik gymmaty we tehniki taýdan taýýarlanyşy boýunça örän seýrek duşýan baý gymmatlyklar toplumy ýygnalandyr. Şeýle-de, bu gözellikleriň synlanylýan pursadynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylda türkmen halysy babatda neşir edilen «Janly rowaýat», 2016-njy ýylda neşir edilen «Arşyň nepisligi» atly eserleri barada söhbetdeşlik geçirildi.
«Janly rowaýat» kitabynda türkmen halyçylarynyň döreden täsin ägirt halylaryna we ikitaraplaýyn halylara aýratyn orun berilýär. Mysal üçin, meýdany 301 inedördül metre deň bolan «Altyn asyr» halysy dünýäde el bilen dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. «Arşyň nepisligi» atly eser bolsa türkmen halkynyň medeni durmuşynda halyçylyk sungatynyň orny we ähmiýeti baradaky oýlanmalaryň özboluşly dowamydyr. Ajaýyp reňbe-reň halylaryň bu kitaby bezeýän suratlary türkmen halysynyň gözelligini giňden açyp görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaplarynda türkmen halysynyň ajaýyplygy ylmy nukdaýnazardan has giň we düýpli beýan edilýär. Eziz Arkadagymyz «Türkmen halysy halkymyzyň, mähir-muhabbetiniň älemgoşar öwüşginli lälesidir.
Ol ata-babalarymyzyň geçen şöhratly durmuş ýollaryny reňkleriniň dili bilen ýazan ýürek ýazgysydyr. Ajaýyp halylarymyz ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi, dünýä ýaýylan şöhrat-şanydyr» diýýär.
Türkmen halysynyň milli muzeýine bolan gezelençden soň, türkmen sährasynyň ajaýyp ýazynyň gül-gülälekli meýdanlaryny ýatladýan owadan halylary synlan okuwçy gyzlaryň köpüsinde bu hünäre bolan söýgi döredi. Şeýle-de, halyçylyk gurnagynda bu hünäriň inçeliklerini öwrenýan okuwçy gyzlar hem, bu asylly işi dowam etdirjekdikleri barada öz pikirlerini paýlaşdylar.
Gezelenjiň ahyrynda haly sungatyny ösdürmekde döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler aýdyldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi