
Täzelikler
142

Türkmenistanyň bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň kanunçylyk esaslary pugtalandyrylýar. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady hem-de medeni ösüşiniň esasy şertleriniň biri okuwçylaryň ýokary hilli bilim almagydyr. Muňa dünýä edebiýatynyň eserlerini öwrenmek hem ýardam berýär. Hrestomatiýa — edebiýat okuw kitabyna goşmaça okuw serişdesidir. Okuw hrestomatiýasy okuwçylarda edebi-çeper başarnyklary kemala getirmäge hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Hrestomatiýanyň esasy ulanylyş ugry okuw işidir. Edebiýat boýunça hrestomatiýanyň maksady okuwçylaryň öwrenilen materiallary özleşdirmeklerine we berkitmeklerine ýardam bermekden, olaryň bilimleriniň üstüni ýetirmekden we giňeltmekden ybaratdyr. Şu maksat bilen ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan 9-njy synp okuwçylary üçin «Edebiýat boýunça hrestomatiýa» (düzüjiler: L.Kasparowa, S.Musaýewa, G.Atadurdyýewa) atly okuw gollanmasy neşir edildi. Ol edebiýat boýunça okuw maksatnamasyna hem-de degişli talaplara laýyklykda taýýarlanyldy. Bu hrestomatiýa okuwçylary edebiýatyň dünýäsi bilen has ýakyndan tanyşdyrmaga, gyzykly hem-de täsirli maglumatlary köp öwrenmäge mümkinçilik döreder.
Hrestomatiýanyň möhüm wezipeleriniň biri okuwçylara eseri okamagy we oňa düşünmegi, onuň many-mazmunyny açyp görkezmegi, öz garaýyşlaryňy beýan etmegi öwretmekden ybaratdyr. Başgaça aýdylanda, bu gollanma okalan eserlerden alnan duýgulary we çeper täsirleri durmuş gymmatlyklary baradaky pikirlere hem-de düşünjelere öwürmäge ýardam edýär.
Edebi eserleri seljermekde dürli pikirler bolup biler. Ýöne bu pikirleriň hakyky bilime we çynlakaý okalan setirleriň seljermesine esaslanmagy möhümdir. Okuw hrestomatiýasynyň düzüjileri okuwçylar bilen döredijilikli gatnaşygyň ýola goýulmagyna uly döredýärler. Şeýle gatnaşyk özboluşly okuw medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi