
Täzelikler
303

25-nji maýda ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabarasy uly şatlyk-şowhun bilen bellendi.
Şeýle dabara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebinde hem giňden geçirilip, onuň dowamynda 2025-2026-njy okuw ýylynda dürli sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde tapawutlanan okuwçylara we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşan mugallymlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle hem bu çäräniň dowamynda “Olimp” orta sport mekdebiniň uçurymlary tarapyndan taýýarlanan medeni we görkezme sport çykyşlaryna tomaşa edildi.
Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy esasynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, kämil, beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda ösüp gelýän ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär.
Mekdebi tamamlaýan ýaşlar üçin täze durmuşyň başlangyjy bolan bu dabaranyň Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmegi onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Çärä gatnaşanlar döredilýän şeýle uly mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Güljahan AMANOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komitetiniň “Olimp”
orta sport mekdebiniň mugallymy