
Täzelikler
220

XXI asyrda dünýä barha global häsiýete eýe bolup, dünýäniň sebitleriniň birek-biregi bilen baglylygy artdy. Eger geçen asyryň başynda okeanyň aňyrsyndaky Amerika bilen Ýewropanyň ýa-da Aziýanyň arasyndaky gatnaşyk ujypsyz häsiýete eýe bolan bolsa, indi olaryň birek-bireksiz «oňmagy» asla mümkin däl ýagdaýa öwrüldi. Dünýä ýurtlary barha utgaşykly ösüş ýoluna düşdi. Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika Respublikasy ýaly döwletler öz mümkinçiliklerini birleşdirip, dünýä syýasatyndaky ornuny berkitmäge girişdiler.
XXI asyr – teoriýanyň praktika bilen aýakdaş gidýän asyry. Indi adamzat diňe bir täze eden ylmy açyşlaryny däl, eýsem, geçen asyrdaky açyşlaryny hem durmuşa ornaşdyrmaga mümkinçilik aldy. Täze tehnologiýalary ýasamakda, gen inženeriýasynda, biotehnologiýada, energiýanyň adaty bolmadyk çeşmelerini oýlap tapmakda ylym barha uly üstünliklere eýe bolýar. Nanotehnologiýalar maddalaryň «özenine» barha içgin aralaşmak bilen, adamyň islegine görä, olaryň gurluşyny amatly, ýaramly hem berk häsiýete getirmegiň syryny agtarýar. Emeli aň adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülip başlady.
Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin «Dünýä taryhy» okuw kitaby (awtorlary: J.Hatamow, J.Gurbangeldiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Okuw kitaby girişden, bir bölümden, üç sany bapdan, 32 paragrafdan ybarat bolup, olarda okuw maksatnamasyna laýyklykda degişli möhüm maglumatlar beýan edilipdir.
Bölümiň ady «Dünýä döwletleri XXI asyryň başlarynda» diýlip atlandyrylypdyr. «Ýewropa we Amerika ýurtlary XXI asyryň başlarynda» atly I bapda ABŞ, Kanada, Latyn Amerikasy, Ýewropa Bileleşigi, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Demirgazyk, Günorta, Merkezi Ýewropa ýurtlary, Gündogar Ýewropa ýurtlary, Russiýa, Kawkaz ýurtlary barada gymmatly maglumatlar ýerleşdirilipdir.
«Aziýa we Afrika ýurtlary XXI asyryň başlarynda» atly II bapda bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysady, syýasy ösüşi we daşary syýasaty, Ýaponiýanyň syýasy we ykdysady ýagdaýy, daşary syýasaty, Koreýa Respublikasy, Tailand, Singapur, Malaýziýa, Indoneziýa, Hindistan, Pakistan, Türkiýe, Eýran Yslam Respublikasy, Owganystan, Merkezi Aziýa döwletleri, Ysraýyl we Palestina, Aziýanyň arap ýurtlary, Afrika ýurtlary, Afrikanyň arap ýurtlary baradaky maglumatlar öz beýanyny tapypdyr.
«XXI asyryň global meseleleri we halkara gatnaşyklar» atly III bapda häzirki zamanyň global meseleleri, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan we onuň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky amala aşyrýan işleri barada maglumatlar getirilýär. Okuw kitabynyň ahyrynda gysgaltmalaryň sanawy, şeýle hem gysgaça sözlük berlipdir.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan uly özgertmeleriň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi