
Täzelikler
124

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda edilýän aladalar ýaş nesilleriň döredijilik we innowasion ukyplaryny ýüze çykarmakda özüniň oňyn netijelerini berýär. 2026-njy ýylyň maý aýynyň 30-31-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan “Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy” boýunça bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden talyplar, mekdep okuwçylar 30 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp, olar bäş görnüşden ybarat bolup robot tehnikasyna erk etmek we programmirleme endiklerini ösdürmek we kämilleşdirmek hem-de döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen işläp düzen taslamalaryny görkezdiler. Gatnaşyjylar ilki bilen ýörite gurnalan ylmy taslama sergisi bilen tanyşdylar we çäräniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüş ýolunda amala aşyrylýan tutumly işlere döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty