
Täzelikler
121

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 1-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli institutda zähmet çekýän professor-mugallymlaryň we işgärleriň çagalary üçin “Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna “Algoritm” okuw merkeziniň çagalary öz aýdym-sazly çykyşlary bilen gatnaşdylar we dabara öwüşgin çaýdylar. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda çagalar üçin aýdymlardan, oýunlardan, daşary ýurt ertekilerinden we multifilmlerinden taýýarlanan sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda çagalara daşary ýurt ertekileriň we multifilmleriniň gahrymanlary görkezildi. Soňra baýramçylyk bäsleşiginde ýeňiji bolan körpe çagalara sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar halkymyzyň durmuşyna bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünliklere çäksiz buýsanç döredýär. Dabaranyň ahyrynda durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin, ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwürýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan edildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty