
Täzelikler
100

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli guralan dabaraly çäre hem ýurdumyzda ýaşlara goýulýan sarpanyň we olaryň gazanan üstünlikleriniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Okuw ýylynyň dowamynda gazanylan üstünlikleri jemlemek, zähmet çeken mugallymlaryň hem-de göreldeli talyplaryň bitiren işlerine ýokary baha bermek çäräniň baş maksadyna öwrüldi. Mekdebiň ýolbaşçylary we mugallymlar düzümi dabarada çykyş edip, tamamlanan okuw ýylynyň diňe bir bilim babatda däl, eýsem dürli ugurlarda uly netijelere baý bolandygyny guwanç bilen bellediler.
Dagaranyň dowamynda döwlet we okuw mekdebiniň derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde, ylmy işlerinde, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, welaýat we döwlet derejesindäki sport bäsleşiklerinde, baýramçylyk dabaralaryna we medeni çärelerine uly işjeňlik görkezen talyplara we mugallymlara okuw mekdebiniň ýolbaşçylary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan hormat hatlary we ýädigärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda sylaglanan talyplar we mugallymlar öz gezeginde döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.