
Täzelikler
194

Güneşli Watanymyzyň her bir güni toý baýramlara beslenip gelýär. Bagtyýar çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ata – Watanymyz Türkmenistan ýurdumyzda bu gün Çagalary goramagyň halkara gününde begenjimiziň çägi ýok. Bu senä Türkmenistanda hem her ýyl uly ähmiýet berilýär. Biz ata – babalarymyzyň “Çaga ömrüň dowamy”, “Çaga gol ganatyň”, “Çagany ýaşdan, edebi başdan”, diýen ýaly parasatly pähimlerden alyp, ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga döwlet derejesinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan aýratyn goldaw, ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda maşgalany goldamak enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösip gelýän ýaş nesili terbiýelemek we olara bilim bermek babatynda toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şu maksatdan ugur alnyp bagtly çagalygyň ýurdy we arzuwlaryň hasyl bolýan Garaşsyz Watanymyzda “Döwlet adam üçindir” diýen belent şygarymyzyň astynda, dünýä ülňilerine doly laýyk gelýän, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin ähli amatlyklar binalar ýylyň – ýylyna gurlup ulanylmaga berilýär. Ähli adamlaryň, aýratynda çagalaryň saglygy baradaky aladalaryň Gahryman Arkadagymyzyň - Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişe üns mezkezinde saklanylýar.
Ýaşajyk raýatlaryň abadançylykly we sazlaşykly ösmegi saglyklary berkitmegi, ýokary hilli bilim almak mümkinçiligine eýe bolmak bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr. Şunuň bilen baglylykda, hossarçylyga mätäç çagalara yzygiderli üns berilýär.
Birleşen Arap Emirlikleriniň
Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan
Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler
okuwçysy Çaryýewa Aýna