
Täzelikler
171

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň (TOHU) uly mejlisler zalynda 1-nji iýunda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ekologiýa boýunça halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu halkara çäre Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli guraldy. Bäsleşigiň guramaçysy bolup çykyş edýän TOHU-nyň uly mejlisler zalynda geçirilen dabaraly çärä ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, mugallymlar, talyp ýaşlar, şeýle hem ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Halkara bäsleşik talyp ýaşlaryň döredijilik ukybyny, ylmy gözleglere bolan höwesini artdyrmak hem-de azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýaly wajyp meselelere ýaşlaryň ünsüni çekmek maksady bilen guraldy.
Düzgünnama laýyklykda, bäsleşigiň birinji (saýlama) tapgyryna gatnaşan talyplaryň ylmy işleri eminler topary tarapyndan giňden seljerildi we iň oňat taslamalar ikinji tapgyra goýberildi. 1-nji iýundan 5-nji iýun aralygynda dowam etjek esasy tapgyrda dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşýan talyplar öz ylmy-taslamalaryny internet ulgamy arkaly, onlaýn görnüşinde prezentasiýalar bilen gorajaklar.
Halkara ylmy-taslama bäsleşigi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) laýyklykda 6 sany esasy ugur boýunça geçirilýär. Dalaşgärler açlygy ýok etmek, arassa suw we arassaçylyk, elýeterli hem-de arassa energiýa, howanyň üýtgemegine garşy göreş, deňziň we gury ýeriň ekologiki ulgamlaryny gorap saklamak ýaly ugurlarda özara bäsleşerler.
Bäsleşigiň ahyrynda ähli görkezijiler boýunça toplanan ballaryň esasynda I, II we III orunlar kesgitleniler. Taslama bäsleşiginiň ýeňijileri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory tarapyndan degişli derejeli diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar.