
Täzelikler
166

Özbegistan Respublikasynyň «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri instituty» milli barlag uniwersitetiniň wekilleri ýakynda Türkmenistanda hünär tejribeligini tamamladylar. 16-njy maý — 1-nji iýun aralygynda dowam eden bu çäre S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen baglaşylan ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde guraldy. Tejribelik maksatnamasyna gatnaşmak üçin goňşy döwletden 19 talyp we 2 mugallym paýtagtymyza geldi. Bu barada Türkmenistanyň ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Guraşylyp gelen saparyň dowamynda daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň oba we suw hojalygy pudaklaryna degişli birnäçe iri kärhanalarda boldular. Hususan-da, olar «Gidropark» suw göteriji bekediniň we Ak bugdaý etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işi bilen ýakından tanyşdylar. Şeýle hem özbegistanly hünärmenler we talyplar Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň guran sapaklaryna we tejribe okuwlaryna işjeň gatnaşdylar.
Saparyň maksatnamasy diňe bir önümçilik we ylym bilen çäklenmän, giňişleýin medeni çäreleri hem öz içine aldy. Özbek wekilleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna, Döwlet merkezi botanika bagyna hem-de Aşgabatdaky «Daşkent» seýilgähine gezelenç etdiler. Özbek wekilýetiniň mugallymy Rustam Hudaýkulow görkezilen ýokary myhmansöýerlik we tejribe alyşmaga döredilen şertler üçin türkmen kärdeşlerine öz minnetdarlygyny bildirdi.
Iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky bu ylmy-gumanitar hyzmatdaşlyk geljekde hem işjeň dowam etdiriler. Ýola goýlan şeýle netijeli gatnaşyklaryň nobatdaky ädimi hökmünde, ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň hem tejribelik geçmek üçin Özbegistan Respublikasyna ugradylmagyna garaşylýar.