
Täzelikler
105

“Bütindünýä” welosiped güni mynasybetli, döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Gurbanguly Berdimuhammedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalar gaznasyndan 7-sany welosipedy sowgat berildi. Şu günler dag etegindäki Gökderäniň arassa howasynda dynç alýan ýaşlara bu gymmatly sowgatlary köşgümizde terbiýelenýän çagalar üçin garaşylmadyk şatlykly pursatlaryň biri boldy. “Bütindünýä” welosiped güni mynasybetli geçirilýän ýörişe sowgat berlen welosipedler bilen ilkinji sapar ýörişe gatnaşyldy. Ösüp gelýän nesil, onuň sazlaşykly ösüşi we saglygy barada hemmetaraplaýyn alada edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaş Türkmenistanlylary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar çünki çagalykdan başlap, şahsyýetiň esasy aýratynlyklary ruhy-ahlak gymmatlyklary kemala getirilýär. Üstünlikli bilim almak hem-de döwrebap bilimlere eýe bolmak, şeýle hem göwnejaý dynç almak, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmek şol sanda döredijilik we sport bilen meşgullanmak üçin çagalara zerur bolan mümkinçilikler döredildi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň
Prezidenti şeýh Zaid bin Sultan
Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler
köşgüniň direktory K.N.Hojowow