
Täzelikler
33

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow 5-nji iýunda geçirilen hökümetiň mejlisinde gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe okuwçylar we talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 871 medal gazandylar. Hasabat döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Aspirantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige jemi 116 adam kabul edildi, doktorlyk, kandidatlyk dissertasiýalarynyň jemi 31-si goraldy.
2026-njy ýylyň bäş aýynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Hasabat döwründe türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 301 medal gazandylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalara höweslendirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlary sporta giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.