
Täzelikler
207

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ýaponiýanyň «Nippon» gaznasynyň «Read Japan Project» maksatnamasynyň çäklerinde okuw, ylmy-nazary we çeper edebiýatlary gowşurmak dabarasy boldy. Ähmiýetli çärä Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hirosi ýörite gatnaşdy. Bu barada ýokary okuw jaýynyň saýtynda habar berildi.
Gowşurylan kitaplaryň hatarynda ýapon ylmy, daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş maksatlary, arassa energetika we «ýaşyl» tehnologiýalar baradaky gymmatly edebiýatlar ýer alýar. Şeýle hem täze neşirleriň arasynda ýapon medeniýeti, sungaty, dili hem-de edebiýaty hakyndaky eserler we sözlükler bar.
Dabaranyň çäklerinde dünýä tejribeli myhmanlar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gurluşy, okuw maksatnamalary we alyp barýan ylmy-döredijilik işleri bilen ýakyndan tanyşdyryldylar. Ýaponiýanyň wekilleri ýokary okuw mekdebi bilen geljekde özara bähbitli täze gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk taslamalaryny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Uniwersitetiň ýolbaşçylary we mugallymlary bilen geçirilen duşuşykda türkmen-ýapon ylym-bilim gatnaşyklarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýändigi aýratyn bellenildi. Taraplaryň nygtamagyna görä, «Read Japan Project» maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine gowşurylýan bu kitaplar iki döwletiň arasyndaky ynsanperwer we medeni-bilim hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.