
Täzelikler
182

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralan «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bilim, Oba hojalyk hem-de Daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen bilelikde eýýäm dördünji gezek guralan bu bäsleşik halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny berkitmegi we ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny höweslendirmegi maksat edinýär. Bu barada ýokary okuw jaýynyň saýtynda habar berildi.
Halkara bäsleşigiň birinji tapgyryna Türkmenistan bilen birgilei Azerbaýjan, Belarus, Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Hytaý, Türkiýe, Eýran, Pakistan, Bangladeş, Malaýziýa we Rumyniýa ýaly ýurtlardan 150-ä golaý ylmy iş hödürlendi. Eminler toparynyň içgin seljermelerinden soňra, iň durnukly diýlip tapylan 45 sany ylmy-taslama indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bäsleşigiň soňky netijelerine görä, jemi 28 sany ylmy-taslama işiniň awtory ýeňiji diýlip yglan edildi, olaryň 20-si ýerli, 8-si bolsa daşary ýurtly talyplardyr. Ýaryşyň jemleri boýunça 5 sany taslama birinji orna, 9 taslama ikinji orna, 14 taslama bolsa üçünji orna mynasyp boldy, şeýle hem ýene-de 14 sany talyp ýörite höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandy.
Sylaglama dabarasynyň çäklerinde uniwersitetiň Medeniýet merkezinde ýurdumyzda biodürlüligi we daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan işleri açyp görkezýän ýörite sergi guraldy. Çäre ýokary okuw mekdebiniň çeper höwesjeňler toparynyň taýýarlan ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam edip, gatnaşyjylara aýratyn baýramçylyk ruhuny bagyş etdi.