
Täzelikler
168

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ekologiýa abadançylygy durnukly ösüşiň kepilidir» atly ylmy-amaly maslahat guraldy. Professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda geçen çärede ekologik medeniýet, ýaşlara ekologik terbiýe bermek hem-de ýurdumyzyň daşky gurşaw syýasaty barada gyzykly çykyşlar diňlendi. Bu barada ýokary okuw jaýynyň saýtynda habar berildi.
Maslahatda türkmen halkynyň tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgelerine aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga uly şertleri döredýär. Ylmy ýygnak durnukly ösüş, agroekologik täsirler, ekologik bilim we döwrebap tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça birnäçe bölümlerde öz işini dowam etdirdi.
Häzirki wagtda uniwersitetiň agroekologiýa fakultetinde daşky gurşawyň goragy ylmy esasda öwrenilýär we bu ugurda ýokary hünärmenler taýýarlanýar. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak meseleleri Türkmenistanyň Milli strategiýalarynda we tokaý maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Maslahata gatnaşyjylar tebigaty goramak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.