
Täzelikler
183

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen möhüm halkara sene mynasybetli ýörite ylmy-amaly maslahat guraldy. Çäräniň çäklerinde «Ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly maslahatyň ikinji bölüminiň mejlisi üstünlikli geçirildi. Ýygnaga gatnaşyjylar ilki bilen ýokary okuw mekdebiniň Medeniýet merkezinde guralan ylmy-taslamalaryň hem-de ýurdumyzyň biodürlüligini goramak boýunça alnyp barylýan işleri açyp görkezýän sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Bu barada ýokary okuw jaýynyň saýtynda habar berildi.
Ylmy duşuşygyň dowamynda tebigaty goramak boýunça döwlet syýasaty, innowasion suwaryş tehnologiýalary, pürli ösümlikleriň genofonduny gorap saklamagyň esaslary hem-de Aral deňziniň suwunyň peselmeginiň Merkezi Aziýa sebitine ýetirýän täsirleri ýaly möhüm mowzuklar boýunça birnäçe ylmy çykyşlar diňlendi. Alymlar we hünärmenler öz çykyşlarynda ekoulgamlary we tokaý hojalyklaryny häzirki zaman şertlerine durnukly uýgunlaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda amala aşyrylýan çäreleriň hukuk esaslarynyň berkidilýändigini aýratyn bellediler. Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» we howanyň üýtgemegine garşy durmaga gönükdirilen milli strategiýalaryň ähmiýetine ýokary baha berildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan hünärmenler we talyplar döwlet tarapyndan ekologiýa we ylym ulgamyna berilýän uly goldawlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.