Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, ylym-bilim, innowasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamlaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylmy gözlegler bilen meşgullanmagy we halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerimizde bilim alýan talyplar ylmy-tehniki döredijilige işjeň gatnaşyp, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda täze taslamalary işläp taýýarlamaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şeýle mümkinçiliklerden ugur alyp, şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” hem-de “Ylymlar güni” mynasybetli yglan eden möhüm başlangyçlaryny goldap, ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli ähli ýaş raýatlarynyň arasynda yglan eden innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry tamamlandy.
Bu geçirilen taslama bäsleşigi ýaşlaryň zehinini açyp görkezmäge, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini has-da ösdürmäge hem-de nazary bilimlerini amalyýet bilen utgaşdyrmaga gönükdirilen möhüm çäreleriň biri boldy.
Bäsleşigiň dowamynda talyplar emeli aň, robototehnika, awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary, sanly tehnologiýalar, maglumat howpsuzlygy, akylly enjamlar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we beýleki innowasion ugurlar boýunça taýýarlan taslamalaryny hödürlediler. Bu taslamalar diňe bir ýaşlaryň ylmy gözleglere bolan höwesini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň geljekde önümçilige, ykdysadyýete we jemgyýetiň ösüşine öz goşandyny goşmaga taýýardygynyň hem aýdyň beýany boldy.
Ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen zehinli ýaşlary özüne jemlän bu ylmy bäsleşige jemi 600-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Olardan 200 töwerigi bäsleşigiň ikinji tapgyryna geçip, özleriniň taýýarlan taslamalary bilen hem bäsdeşleriniň, hem-de eminler toparynyň uly gyzyklanmasyny gazanmagy başardylar. Taslama bäsleşiginiň netijeleri boýunça aşakdaky gatnaşyjylar baýrakly orunlara mynasyp boldular:
3nji derejeli diplom:
- “ “Maliýe Ýolbelet” atly maliýe hasabatlylygyny düzmäge ýardam berýän programma üpjünçiligi”, Ataýew Babajan Orazmuhammedowiç, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
- “Mekdebiň synp otaglarynda dümew wiruslaryň köpçülikleýin ýaýramagynyň öňüni alýan sanly ulgam”, Akmuhammedowa Aýgül Akmuhemmedowna, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Çary Gurbangylyjow adyndaky 19 -njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy
- “Narpyz we Tozga ösümlikleriden taýýarlanylan ekoulgam derman serişdesi”, Mäterow Medet Mergenowiç, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby
- “Miweli baglaryň we gök-bakja ekinleriniň miwelerini kak etmegiň innowasion tehnologiýasy”, Kakamuradowa Näzli Meýlisowna, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy
- “Tozga köküniň polysaharidlerinden süýji keseline garşy nanoemulsiýa tayarlamak”, Allaberdiyewa Aygul Sapargeldiýewna, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
- “Tebigy we takyk ylymlar üçin niýetlenen - TmEA programmasy”, Orazbaýewa Gurbanbibi, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy
- “Üzüm agajyny basyrmak üçin şaly samanyndan sypal plitasyny taýýarlamagyň tehnologiýasy”, Zakirjanowa Ogulgerek Zakirjanowna, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
- “Bio-Ýaşyl: Narpyz esasly ekologik insektisid almagyň tehnologiýasy”, Aýlar Hanjanowa Serdarowna, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy
- “Darçyn ösümliginden tebigy antibakterial agyz spreýi taýýarlamak”, Abdyýewa Züleýha, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
- “ “Synçy” kitaplaryň ýalňyşyny tapmak, hilini ösdürmek”, Kurbanow Yhlas, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby
- “ “Chem quest” platformasy”, Ataýew Ýagmyr, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy
- “ “Goşmaça we Üznüksiz Bilim” okuw merkeziniň platformasy”, Sopyýew Hojanepes, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
- “Köp gatly jaýlaryň ýyladyş ulgamynda daşky howanyň temperaturasyna bagly pejinde ýanýan tebigy gazy sazlaýan sanly ulgam”, Orazberdiýewa Annagözel Parahadowna, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 38-nji daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy
- “DSMU taslamasy”, Göroglyýew Murat Timurowiç, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby
- “Energiýany netijeli ulanmagyň innowasion usullary we energiýany tygşytlamakda täze çözgütler”, Şöhradow Yhlas, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
- “Arduino esasly awtomatlaşdyrylan serwomehaniki sagat”, Rahimowa Ýulduz, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
- “Mikrokontroller we ýagtylyk sensory arkaly köçe yşyklandyryş ulgamlaryny awtomatlaşdyrmak”, Gajanow Arslan Sapardurdyýewiç, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
- “ “Hasapla” atly ýatdan arifmetiki hasaplamany türgenleşdirýän programma”, Işangulyýewa Gülöwser, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy
- “Gün energiýasynyň hasabyna sanly ulgama esaslanyp üznüksiz işleýän swetafor”, Berdimyradowa Zeýnep Berdimyradowna, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy
2-nji Derejeli diplom:
- “Zyýansyzlandyryjy ionizator”, Täşliýew Allaýar, Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň mugallymy
- “Ýumurtga gabygyndan gidroksiapatiti bölüp almak”, Aşyrowa Orazgül, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
- “Ekologiki taýdan arassa we ykdysady taýdan amatly kombinirlenen desga”, Begmedowa Çynar, Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy
- “ “Impuls” fizika simulýatory”, Saparow Allanur Myratgeldiýewiç, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby
- “ÇyzgyAI”, Gurbanow Emirhan Şöhradowiç, Türkmenistanyñ Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniñ 10-njy synp okuwçysy
- “Guardia”, Hydyrow Aly Röwşenowiç, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
- “Ýylylyk elektrik stansiýalarynyň atmosfera zyýan gyzgyn tüssesiniň hasabyna suwy gyzdyryp ýyladyşhanalarda ulanmak”, Derýageldiýew Gowşut Derýageldiýewiç, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy
1-nji derejeli diplom:
- “Uzak aralyga gatnaýan awtosürüjileriñ ukusyna gözegçilik edýän äýnek”, Işangulyýewa Aýşat Gaýgysyzowna, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy
- “ “DubAI” (Wideo Dublirleme Taslamasy)”, Begow Alybaba Soltanýazowiç, Türkmenistanyñ Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniñ 11-nji synp okuwçysy
- “Gazy çyglandyryp arassalamagyň ferromagnitly täsir etmek usuly”, Hydyrowa Aýjemal, Aşgabat şäheriniň "Türkmengaz" döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mugallymy
- “Künji dänesiniň galyndysyndan gliserin almagyň tehnologiýasy”, Memyýewa Suraý Ýusupowna, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
- “Apiplantin – ekologiki taýdan arassa şemler”, Haýtgulyýewa Merjen Durdymuhammedowna, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
- “ “Red Diamond” birinji onlaýn gan-donor platformasy”, Aýnur Atamyradowa Myradowna, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
- “ECO-robot”, Döwrangeldiýew Didar Döwrangeldiýewiç, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby
- “Akylly oba hojalyk tehnikalary”, Annamämmet Garajaýew Bekmyradowiç, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
Baş baýrak:
- “Çaganyň saglygyny kesgitlemekde sanly ulgamdan peýdalanmak”, Orazberdiýewa Gülbahar Orazberdiýewna, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy
Bu şatlykly pursatlar diňe bir ýeňijiler üçin ýeňiş bolman, eýsem bäsleşige gatnaşan ähli ýaş alymlarymyz üçin uly ylham çeşmesine öwrüldi. Şeýle abraýly ylmy çäreler ýaşlaryň döredijilik ukybyny, intellektual başarnyklaryny we tehnologiýa bolan höwesini has-da artdyrýar. Ýaşlaryň ylma işjeň çekilmegi, ylmyň ösmegi ugrunda giň mümkinçilikleri açyp berýän hem-de ähli zerur şertleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris!