
Täzelikler
1051

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan « Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» (ESGCA) atly taslamanyň çäklerinde geçirilýän Içerki okuw maslahaty (In-Home Training) öz işine başlady.
2026-njy ýylyň 8–12-nji iýuny aralygynda geçirilýän bu okuw maslahaty Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan bilelikde guralýar. Çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň tehniki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ESG (Daşky gurşaw, jemgyýetçilik jogapkärçiligi we dolandyryş) ýörelgelerini bilim işine ornaşdyrmaga ukyply milli hünärmenler toparyny kemala getirmek, döwrebap okuw modullaryny taýýarlamak we bu ugur boýunça täze magistr maksatnamasynyň mazmunyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Okuw maslahaty Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumatlar tehnologiýalary merkeziniň binasynda geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen birlikde, taslama gatnaşyjy daşary ýurtly hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem gatnaşýarlar.
9-njy iýunda Italiýa Respublikasynyň Genuýa uniwersitetiniň wekilleri uniwersitetde dabaraly garşy alyndy. Italiýaly wekiliýetiň düzümine Genuýa uniwersitetiniň Politehniki mekdebiniň professory Jiowanni Adorni, Durmuş ylymlary mekdebiniň professory Agostino Massa hem-de Halkara hyzmatdaşlyk müdirliginiň başlygy Anjelo Musaýo girdi.
Okuw maslahatynyň ilkinji iki gününde ESG düşünjesiniň mazmuny we ähmiýeti, onuň ýokary bilim ulgamyndaky orny, netijeli dolandyryş, ekologik jogapkärçilik we durmuş durnuklylygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ESG ugurlaryny okuw maksatnamalaryna ornaşdyrmagyň usullary, okuw modullaryny we usulyýet materiallaryny taýýarlamak, sanly gurallary hem-de interaktiw okatmagyň usullaryny ulanmak boýunça tejribe alyşyldy. Moodle platformasyndan peýdalanmak we amaly keýsleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.
Genuýa uniwersiteti tarapyndan utgaşdyrylýan ESGCA taslamasy Ýewropa we Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerini birleşdirýär. Taslamanyň esasy maksady daşky gurşawyň durnuklylygy, jemgyýetçilik jogapkärçiligi we netijeli dolandyryş ýörelgelerini sebitiň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlaryna ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Taslamanyň möhüm netijeleriniň biri hem durnukly ösüşiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze nesil hünärmenlerini taýýarlamak üçin berk esas döretmekdir.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistandaky saparynyň çäklerinde leksiýalar, amaly okuwlar we pikir alyşmalar geçirilýär. 10-njy iýunda Slowakiýanyň Tehniki uniwersitetiniň sanlylaşdyrmak, sport we işgärler boýunça prorektory Stefan Stanko bilen bölüm müdiriniň orunbasary Iwona Skultetýowanyň okuw maslahatyna goşulmagyna garaşylýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Erasmus+ ESGCA taslamasynyň çäklerinde geçirilýän bu okuw maslahaty ýokary bilim we ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň, professor-mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylýandygynyň we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Okuw maslahatynyň dowamynda alnan bilimler we amaly başarnyklar bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, täze akademiki başlangyçlary ösdürmäge hem-de durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti