
Täzelikler
182

10 – 11-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly utgaşykly görnüşli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Iki günlük foruma dünýäniň 22 ýurtlaryndan, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň, edaralarynyň we kompaniýalarynyň 50-den gowragynyň professorlary, mugallymlary, alymlary, ylmy işgärleri, hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde täze ikitaraplaýyn resminamalaryň bäşisine:
– Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Dohanyň ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Katar) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
– Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga;
– Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «METABIO Biotechnology» kompaniýasynyň (Türkiýe) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
– Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Şanhaý ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
– Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Çanan uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Taraplaryň gol çeken resminamalary hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady.