
Täzelikler
132

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 8-12-si aralygynda Erasmus+ maksatnamasynyň “Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) atly taslamanyň çäginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirýän içerki okuw maslahatynyň esasynda2026-njy ýylyň iýun aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Italiýanyň Genuýa uniwersitetiniň, Slowakiýanyň Tehniki uniwersitetiniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary, talyplary ýüzbe-ýüz gatnaşdylar. Türkmenistanyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bolsa, bu okuw maslahatyna teleköpri arkaly gatnaşyp, özara pikir alyşdylar. Okuw maslahatynda çykyş eden daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de institutyň mugallymlary daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak barada netijeli çykyşlary etdiler.
Garaşsyz döwletimiziň halkara derejede öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen bu okuw maslahatyna gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşhem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty