
Täzelikler
44

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Wise-premýer ilki bilen ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň adyndan döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy Ylymlar güni, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanmagy hem-de oňa professor alymlyk adynyň berilmegi mynasybetli gutlady.
Mejlisiň dowamynda degişli Strategiýada bellenen wezipelere laýyklykda işlenip taýýarlanylan «Türkmenistan: ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Bu resminama jemgyýetiň, aýratyn-da ýaşlaryň ylmy dünýägaraýşyny we intellektual ukyplaryny ýokarlandyrmaga, olary ylmy-döredijilik işlerine işjeň çekmäge gönükdirilendir.
Hasabatda milli ylym ulgamynyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ilatyň intellektual derejesini ösdürmek boýunça netijeli işleriň dowam etdirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen täze Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky resminama gol çekdi we wise-premýere bu ugurdaky wezipeleri talabalaýyk amala aşyrmagy tabşyrdy.