
Täzelikler
494

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasydyr» diýen at bilen ylmy-amaly maslahat guraldy. Çäräniň öňüsyrasynda maslahata gatnaşyjylar uniwersitetiň talyplarynyň ylmy taslamalaryndan, gazanan üstünliklerinden, diplomlaryndan, medallaryndan we kuboklaryndan ybarat bolan ýörite sergini synladylar. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Maslahatyň açylyş bölüminde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri, biotehnologiýanyň ösüşi we ýaşlaryň ylmy ädimleri barada çykyşlar diňlenildi. Çykyş edijiler döwlet Baştutanymyzyň ylmy ösdürmek baradaky sargytlaryna eýerip, «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmek, önümçilik ile ylmy utgaşdyrmak hem-de täze nesli kemala getirmek wezipelerine aýratyn üns çekdiler. Şeýle hem ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde oba hojalyk ylymlarynyň eýeleýän orny we bu ugurda durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeler bellenilip geçildi.
Maslahatyň işi dört sany dürli ugurdaş bölümlerde dowam etdirildi. Ýokary tehnologiýalar, sanly bilim, takyk we oba hojalyk ylymlarynyň ösüşi ýaly möhüm temalar bilen bir hatarda, uniwersitetde yglan edilen kitap okamagyň biraýlygy mynasybetli ýörite bölüm hem guraldy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurtda ylmyň ösmegine we ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.