
Täzelikler
114

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ruhy we medeni taýdan hem täze belentliklere göterilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaş nesil baradaky aladadyr. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, milli mirasymyzy düýpli öwrenmegi we ony halkara giňişliginde dabaralandyrmagy üçin ähli şertler döredilýär. Täze gurlan medeniýet ojaklary, häzirki zaman muzeýler we ylmy-döredijilik bäsleşikleri ýaş zehinleriň ukyplaryny açmaga uly ýol açýar.
2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyplarynyň diplom goragynda hödürleýän ylmy işleri aýratyn ähmiýete eýedir. Ýaş sungaty öwrenijiler öz gözleglerinde halkymyzyň gadymy taryhy köklerini we medeni gymmatlyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda täzeçe garaýyşlar bilen seljerýärler. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda täze muzeýleriň, medeniýet merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, halkara sergileriň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi ýaşlara milli mirasymyzy düýpli öwrenmäge we ony dünýä ýüzünde wagyz etmäge giň ýol açýar. Döwletimiziň goldawy netijesinde ýaşlar türkmen binagärligini, şekilllendiriş we amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerini sungaty öwreniş nazaryýeti esasynda seljerip, täzeçe ylmy garaýyşlary orta atyp bilýärler. Şu nukdaýnazardan, talyplaryň diplom işleri we ylmy gözlegleri häzirki döwrüň medeni ösüşiniň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar.
Talyp ýaşlaryň diplom goragy gyzykly ýagdaýda geçdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halkynyň behişdi bedewlerine bagyşlanan Serwi Gurbanberdiýewanyň diplom işiniň temasy “Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda bedew waspy” atlandyrylyp, onda gadymy döwürden ahalteke bedewleriniň türkmen nakgaşlygynda we heýkeltaraşlygynda çeper beýan edilişi ylmy esasda seljerilýär. Ýaş sungaty öwrenijiniň diplom işi häzirki zaman türkmen sungatyny öwrenmekde we ony geljekki nesillere ýetirmekde uly gollanma bolup hyzmat eder.
Gülşen Berdiyewa “Türkmenistanyň nakgaşlygynda Hazar deňziniň kesbi” atly diplom işini üstünlikli gorady. Hazar deňzi diňe bir tebigy baýlygyň ojaklarynyň biri bolman, eýsem, türkmen suratkeşleriniň döredijiliginde ylham çeşmesi, parahatçylygyň, dostlugyň we egsilmez gözelligiň nyşany hökmünde çykyş edýär. Ýaş sungaty öwreniji Hazar deňziniň nakgaş eserlerindäki şöhlelendirilişini sungatşynaslyk taýdan öwrendi. Şonuň ýaly-da Sähragül Baýryýewanyň temasynda hem Balkan welaýatynyň suratkeşi Nazmämmet Satlykgulyýewiň döredijiliginde Hazar deňzine bagyşlanan ajaýyp nakgaş eserleriniň çeper gymmaty barada beýan edilýär.
Ýaş sungaty öwrenijileriň diplom işleri we diplom goragyndaky şowly çykyşlary milli medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we ony geljekki nesillere ylmy esasda ýetirmekde uly gollanma bolup hyzmat edýär. Ýaşlaryň ylmy gözlegleri Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň taryhyna, milli mirasymyza, häzirki zaman türkmen suratkeşleriniň döredijilik ýoluna has çuň aralaşmaga we öwrenmäge ýardam berýär.
Eneş Dagdyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň
4-nji ýyl talyby.