
Täzelikler
88

12-nji iýunda Türkmenistanda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli, Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde uly baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide esasy üns talyp ýaşlaryň taýýarlan taslamalaryna we ylmy işlerine gönükdirildi. Görkezilen işler birnäçe ugurlary öz içine almak bilen talyplaryň ukyp başarnyklaryny açyp görkezdi.
Mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň bilelikdäki zähmeti netijesinde dörän bu taslamalar geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly netijeleri bermäge ukyplydyr. Sergä gatnaşyjylar okuw ojagynda berilýän bilimiň önümçilik bilen berk baglanyşyklydygyny aýratyn bellediler. Ýaşlaryň hödürlän oýlap tapyşlary çärä gelen tejribeli hünärmenlerde we alymlarda uly gyzyklanma döretdi.
Bu guralan sergi ýaş nesliň ylma bolan höwesini artdyrmakda we Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekde möhüm ädim boldy. Serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, döwrebap bilim almagyna döredip berýän ähli şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.