
Täzelikler
97

Türkmenistanyň ylym we bilim ulgamy Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda täze ösüşleriň we belent sepgitleriň eýýamyny başdan geçirýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ylmy-gözleg işlerine bolan höwesini artdyrmak, olaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynynda ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işleriň bäsleşigi her ýyl ylym dünýäsine täze zehinleri hödürleýär.
Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda 2026-njy ýylda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde biziň “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlary Garageldiýew Gurbangeldi birinji orna we Toýçyýewa Gülistan üçünji orna mynasyp boldular.
Bu üstünlik diňe bir mugallymlarymyzyň däl, eýsem onuň bilim berýän ojagymyzyň hem ylmy taýdan nähili ýokary derejededigini görkezýär.
Ýaşlara ylym dünýäsinde giň mümkinçilikleri açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama şowly bolsun!