
Täzelikler
26

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan «Lomonosow–2026» atly halkara Uniwersiada gatnaşyp, uly üstünlik gazandylar. Lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetşonluk ugurlary boýunça geçirilen bu abraýly intellektual bäsleşikde türkmen talyplary lingwistika ugrunda jemi 11 sany baýrakly orny, ýagny 3 sany birinji we 8 sany ikinji orny eýelemegi başardylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Birinji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Gunça Musaýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň magistranty Ýaran Hudaýberdiýew hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Leýli Romanowa dagy mynasyp boldular. Ikinji orunlary bolsa D.Azady adyndaky TMDDI-niň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Ýegentlik şertlerinde Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň zehinli talyplary paýlaşdylar.
Iki tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň birinji saýlama tapgyry gaýybana görnüşde geçirilip, onda gatnaşyjylar lingwistika boýunça ylmy barlaglaryň tezislerini taýýarladylar. Moskwada şäherinde guralan jemleýji tapgyrda bolsa talyplar daşary ýurt dilleri boýunça çalt we dogry çözgüt tapmagy talap edýän lingwistik ýumuşlary ýerdene ýetirdiler. Şunda türkmen ýaşlary rus, iňlis we fransuz dillerini ýokary derejede bilýändiklerini subut edip, guramaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldular.
Halkara gözden geçirilişde ýurdumyzyň 5 sany ýokary okuw mekdebinden 27 sany talyp wekilçilik etdi. Talyplar toparyna D.Azady adyndaky TMDDI-niň mugallymy Maýsa Ataýewa hem-de Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy Jennet Şamyýewa ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň wekilleri bu halkara bäsleşige eýýäm dördünji gezek gatnaşyp, özleriniň baý tejribesini we ýokary bilim derejesini yzygiderli görkezip gelýärler.
Däp bolup gelýän «Lomonosow» Uniwersiadasy dünýäniň dürli künjeklerinden ýaş zehinleri ýüze çykarmak, talyplaryň döredijilik we hünär ukyplaryny ösdürmek maksady bilen guralýar. Bu çäre Russiýanyň, GDA-nyň we beýleki daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy-bilim gatnaşyklaryny has-da berkitmekde uly ähmiýete eýedir.