
Täzelikler
110

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 16-na “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni” mynasybyýetli Türkmenistanyň Döwlet energetika institutda Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi bilen bilelikde “Magtymguly sözlär-tili türkmeniň” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hünärmenleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda pederlermizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň milli medenýetimiziň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi barada birbäçe täsirli çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de çykyşlarda teatrlar, kitaphanlar, muzeýler, medeniýet öýleri türkmen medenýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändigini, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda dürli öwüşginler bilen halka ýetirýän esasy sungat ojaklary bolup çykyş edýändigi hakynda aýdyldy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň medniýetini, sungatyny dünýä tanatmakda alyp barýan ägirt işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty