
Täzelikler
74

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly Mejlisler zalynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Däp boluşy ýaly, her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.
Tehniki serişdeleriň ulanylmagy esasynda çykyşlaryň her birinde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň köpöwüşginliligi şöhlelendirildi. Talyplardan düzülen çeper höwesjeňler toparlary tarapyndan ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly edebi-sazly kompozisiýa konsertiň ajaýyp badalgasy boldy. Ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirilen kompozisiýa Watanymyzyň häzirki döwrüniň waspyny ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, mähriban halkymyzyň abadançylygyny, ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen bu syýasat hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Soňra uniwersitetiň döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde iň naýbaşy milli nusgawy we häzirki zaman saz eserleriniň nusgalary, halk dessanlary, täsirli aýdym-sazly çykyşlar ýaňlandy.
Ýygnananlaryň ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylan “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany!” atly watançylyk aýdymy konsertiň ajaýyp jemlenmesi boldy. Aýdymçylaryň we ähli dabara gatnaşyjylaryň ýerine ýetiren bu aýdymy hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallygynyň, iň gowy arzuwlarynyň beýany bolup ýaňlandy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti