
Täzelikler
70

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 17-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ilatyň arasynda milli däplerimize we umumadamzat ýörelgelerine laýyklykda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini, nesil terbiýesini, ata-babalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, türkmeniň edim-gylymy, däp-dessury, ene topraga, türkmen diline, medeniýetine bolan uly söýgi, zähmetsöýerlik, päk zähmete ygrarlylyk ýaly ýörelgelerini wagyz etmek boýunça birnäçe çykyşlar diňlenidi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty