
Täzelikler
88

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykaran 849-njy karary bilen tassyklanan «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama», Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky 209 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Bilim edaralarynyň hukuk ýagdaýyna (kysymyna we görnüşine), okaýanlaryň taýýarlanyşynyň mazmunynyň we hiliniň döwlet bilim standartlaryna laýyklygyna akkreditasiýa seljermesini geçirýän seljeriş toparynyň işiniň Tertibine» laýyklykda işlenilip taýýarlanylan hem-de bilim edaralaryny döwlet akkreditasiýasyndan geçirmegiň ýeke-täk usulyýet çemeleşmesinden ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Döwlet akkreditasiýasy geçirildi.
Döwlet akkreditasiýasy hakyndaky şahadatnamanyň goşundysynda görkezilen “Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi” hünäriniň hünärmen maksatnamasy boýunça bilim işiniň Döwlet akkreditasiýasy hakynda 2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda № 00003 belgili şahadatnamasy berildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty