
Täzelikler
90

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym-bilim ulgamy täze üstünliklere we taryhy wakalara baý bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylmy-gözleg işleri bilen meşgullanmagy we öz ukyplaryny görkezmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda geçirýän özgertmelerini durmuşa geçirmekligi netijeli dowam etdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2026-njy ýylyň 15-16-njy iýunynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Ýylyň talyby» Döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şu ýyl geçirilen bu abraýly bäsleşikde tapwutlanan ýaşlaryň arasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew iň ýokary netijäni görkezip, bäsleşigiň baş baýragyna – «Ýylyň talyby» diýen belent we abraýly ada mynasyp boldy.
Bäsleşigiň esasy maksatlary Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda geçirýän özgertmelerini durmuşa geçirmekligi netijeli dowam etdirmekden; Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boyunça talaplaryndan ugur alyp, merdana halkymyza, Ata Watanymyza, Türkmenistanyň Prezidentine çyn ýürekden wepaly, iň täze tilsimatly enjamlarynda işlemäge ukyply, döwlet dilini we daşary ýurt dillerini bilýän, başarjaň, anyk maksatly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ýüze çykarmakdan we goldamakdan, olaryň alan bilimlerini durmuşda ulanyp bilmek endigini açyp görkezmekden; Türkmenistanyň ýaş nesliniň ruhubelentligini, Watana buýsanjyny, ata-babalarymyzyň şöhratly geçmiş taryhyna egsilmez söýgüsini açyp görkezmekden ybaratdyr.
Däp bolşy ýaly, bäsleşige gatnyşyjylar ylmy-döredijilik we dersara bäsleşiklerinde, halkara ders olimpiadalarynda gazanan üstünlikleri, medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşygy, sport ýaryşlaryndaky ýeňişleri, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary üçin kesgitlenen utuklar ulgamy bilen bahalandyrylyp, her ýokary okuw mekdebinden iň ýokary netije gazanan talyp jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar.
Jemleýji tapgyrda ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän talyplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, daşary ýurt (iňlis) dili dersleri boýunça taýýarlanan test sowallaryna jogap berdiler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talybyň «Ýylyň talyby» bäsleşiginde uly ýeňiş gazanmagy biziň ählimizi buýsandyrýar! Biz bu ýeňşiň talyp ýaşlarymyzyň geljekde has uly ylmy we döredijilik üstünliklerini gazanmagyna, ýurdumyzyň abraýyny halkara giňişliginde belentden belent götermegine itergi berjekdigine berk ynanýarys.
Ýaşlara döwrebap ylym-bilim dünýäsini açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti