
Täzelikler
35

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 18-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni mynasybetli «Şygyryýet ummany Pyragy bilen, ösýär diýarymda türkmen medeniýeti» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli türkmeniň milliligini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen muzeý gymmatlyklarynyň, gadymy şaý-sepleriniň sergisi uly ruhubelentlikde gurnaldy. Dabaranyň dowamynda institutyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni mynasybetli ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan gelýän medeni däp-dessurlarymyz, millilik barada birnäçe söhbetdeşlikler hem geçirildi. Dabaradyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty