
Täzelikler
40

2026-nji ýylyň iýun aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige institutyň mugallymlary gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 18-19-na Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähitnama gol çekilendigi barada, Ähitnamanyň çäklerinde geçirilen maslahatlar, ýerine ýetirilen işler, geçirilen duşuşyklar we ýakyn günlerde Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana iş saparyna gelmegi bilen baglanyşykly birnäçe çykyşlar diňlenildi. Söhbetdeşlik dolulygyna «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan teleýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara gatnaşyklary ýokarlandyrmakda, halkara bilermenler bilen tejribe alyşmakda, ýaşlary ýokary derejesinde hünärmenler edip ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty