
Täzelikler
313

2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Sankt-Peterburg şäherinde medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Halkara maslahatyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy — Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew çykyş etdiler.
Maslahat medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, döwletara ynsanperwer dialogy ösdürmek, şeýle hem kreatiw we döredijilik industriýalaryny häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde ilerletmek meselelerine bagyşlandy.
“Medeniýetleriň özara gatnaşygy: häzirki zaman dünýäsinde mirasy gorap saklamak we ählumumy dialog” atly umumy mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga, döwletara dialogy ösdürmäge hem-de üýtgeýän halkara ýagdaýynda hyzmatdaşlygyň döwrebap gurallaryny kemala getirmäge aýratyn üns berildi.
Maslahatyň maksatnamasynda “Medeniýetara dialog: däpler, häzirki zaman manylary we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri” atly panel ara alyp maslahatlaşmasy hem aýratyn orun eýeledi. Onuň dowamynda kinematografiýa, teatr sungaty, kitaphana we muzeý işi, aýdym-saz medeniýeti, şeýle hem döredijilik bilimi ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlary we geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.
Bu ugurda umumy medeni mirasy gorap saklamak, hünär we institusional gatnaşyklary pugtalandyrmak, bilelikdäki taslamalary goldamak, medeni alyş-çalyşlary giňeltmek hem-de jemgyýetiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.
“Kreatiw industriýalar halkara hyzmatdaşlygyň gün tertibinde” atly panel ara alyp maslahatlaşmasynda bolsa bilermenler bitewi medeni we ykdysady giňişligi döretmek, ýokary eksport mümkinçiliklerine eýe bolan bilelikdäki taslamalary ösdürmek, kreatiw başlangyçlary goldamak hem-de üstünlikli tejribeleri döwletara derejede ýaýbaňlandyrmak boýunça tagallalary birleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem häzirki sanly dünýäde kreatiw industriýalaryň halklaryň medeni koduny gorap saklamakdaky ähmiýeti, zehinleri, däpleri we tehnologiýalary birleşdirmek arkaly bäsdeşlige ukyply täze medeni önümleri döretmegiň zerurlygy nygtaldy.
Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew öz çykyşynda 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, döwletara dialogy ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň döwrebap görnüşlerini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistana mahsus bolan “açyk gapylar” syýasatyna we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, ýurdumyzyň medeniýeti halklary birleşdirýän, ynamy, özara düşünişmegi we hormaty pugtalandyrýan “altyn köpri” hökmünde garaýandygy nygtaldy.
Türkmen wekiliýetiniň bu halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge, şeýle hem GDA giňişliginde bilelikdäki başlangyçlary goldamaga yzygiderli ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi bilen baglylykda, ynsanperwer dialogy ilerletmäge, ruhy-medeni mirasy gorap saklamaga, bilim, ylym, medeniýet we kreatiw industriýalary uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmen tarapy özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, medeni alyş-çalyşlary giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary goldamaga, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet we bilim edaralarynyň, döredijilik jemgyýetleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi