
Täzelikler
139

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň resmi saparynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyn bilen Malaýziýa bilelikdäki alyp barýan işleri barada, ikitaraplaýyn duşuşygyň ähmiýeti dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Söhbetdeşligiň dowamynda bulardan başga-da Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar unwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi barada bellenip geçildi. Söhbetdeşlik dolulygyna «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan teleýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara gatnaşyklary ýokarlandyrmakda, halkara bilermenler bilen tejribe alyşmakda, ýaşlary ýokary derejesinde hünärmenler edip ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty