
Täzelikler
359

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow 20-iýunda geçirilen hökümetiň mejlisinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkyň saglygyny goramak we sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri eneleriň we çagalaryň arasynda keselleriň öňüni almakdan, olaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda enäniň we çaganyň sagdyn bolmagyny gazanmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, eneleriň we çagalaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.