
Täzelikler
324

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew iş sapary bilen Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersitetine (GDU) baryp gördi. Bu ýokary okuw mekdebinde türkmen talyplary hem bilim alýarlar. Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysynyň uniwersitetiň rektory Sergeý Hahomow bilen geçiren duşuşygynda akademiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş we okuw şertleri, şeýle hem bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işe girizmegiň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Resmi maksatnama uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlar düzüminiň hem-de türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen medeni-bilim çäresi bilen dowam etdi. Okuw binasynyň eýwanynda zehinli talyp ýaşlar tarapyndan taýýarlanan amaly-haşam sungatynyň, şekillendiriş eserleriniň we halk döredijiligine degişli materiallaryň tematiki sergisi guraldy. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar üçin «Aşgabat» talyp döredijilik topary çykyş edip, türkmen milli tanslaryny ýerine ýetirdi.
Ilçi Nazarguly Şagulyýew dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň şygary bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryň ähmiýetini belledi. Diplomat bu şygaryň taryhy miras bilen döwletiň geljege gönükdirilen ýaşlar syýasatynyň arabaglanyşygyny şöhlelendirýändigini aýtdy.
Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy ýaş watandaşlaryny ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen hem gutlady. Saparyň ahyrynda gatnaşyjylara ýurdumyzyň häzirki zaman durmuş-ykdysady ösüşlerini beýan edýän tanyşdyryş wideoşekili görkezildi.
Çeşmesi: ORIENT