
Täzelikler
36

Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň binýadynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Hytaý nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.
Çäräniň barşynda taraplar ugurdaş bilimleriň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, iki ýurduň öňdebaryjy nebit-gaz ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmek, şeýle hem bilelikdäki bilim taslamalaryny ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatdan soň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliýetiniň agzalary hem-de türkmen diplomatlary Hytaý nebit uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekili talyplary ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy hem-de 2026-njy ýylyň şygarynyň — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ýörelgäniň ähmiýetini belledi.