
Täzelikler
88

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige institutyň mugallymlary gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň iýun aýynyň 22-sine Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna bolan döwlet saparyndaky taryhy wakalar barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Bulardan başga-da söhbetdeşligiň dowamynda iki taraplaýyn gol çekilen resminamalar barada hem bellenilip geçildi. Söhbetdeşlik dolulygyna «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan teleýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara gatnaşyklary ýokarlandyrmakda, halkara bilermenler bilen tejribe alyşmakda, ýaşlary ýokary derejeli hünärmenler edip ýetişdirmekdebimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty