
Täzelikler
124

Ylym-bilim ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda 2023-nji ýylda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen, bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek barada Ylalaşyga gol çekildi.
Ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 21-28-nji iýuny aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň nebit uniwersitetinde hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler.
2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Hytaýyň nebit uniwersitetinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary üçin hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Okuwlar Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň çäklerinde gurnalýar. Dabara Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Hytaýyň nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Çykyşlarda iki ýurduň arasynda bilim, ylym we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi bellenilip geçildi. Şeýle hem türkmen-hytaý strategik gatnaşyklarynyň ýokary derejesi aýratyn nygtaldy. Geçirilen iş duşuşyklarynda degişli ugurlar boýunça bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak, nebit-gaz pudagyna degişli ýokary okuw mekdepleriň arasynda özara tejribe alyşmagy giňeltmek hem-de täze bilelikdäki bilim we ylym taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykdan soňra Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we Ilçihananyň wekilleri Hytaýyň nebit uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanly talyplar bilen duşuşyk geçirdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti