
Täzelikler
95

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň we ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ilatyň arasynda milli däplerimize we umumadamzat ýörelgelerine laýyklykda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini, nesil terbiýesini, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, päk zähmete ygrarlylyk ýaly ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli gulluklar, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Maslahatyň dowamynda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini, nesil terbiýesini, ata-babalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, päk zähmete ygrarlylyk ýaly ýörelgelerini wagyz etmek boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Bu ýygnagyň asyrlar aşyp dowam edip gelýän türkmeniň maşgala däplerini gorap saklamaklyga, ony ýaş nesilleriň mynasyp dowam etdirmeklerini gazanmaklyga gönükdirilendigi, ýaşlarda ene topraga, türkmen diline, medeniýetine bolan uly söýgi döretmekde, zähmetsöýerlik, ýagşylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenilip geçildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty