
Täzelikler
160

2026-njy ýylyň 18-19-njy iýuny aralygynda ýurdumyzda Malaziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň resmi sapary ýokary derejede geçirildi. Bu taryhy saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejelere çykarmak boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Malaziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň resmi saparynyň ýokary derejede geçendigi mynasybetli Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda türkmen-malaý gatnaşyklaryna bagyşlanan tegelek stoluň başyndaky gepleşik ýazgy edildi. Halkara derejesindäki bu möhüm waka döwletimiziň ylym-bilim we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň seslenmelerini hem-de taryhy pursatlary halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen guraldy. Gepleşigiň barşynda saparyň netijeleriniň ýokary derejede geçirilendigi dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň edildi. Mugallymlar öz çykyşlarynda ylym-bilim ulgamynda tejribe alyşmagyň we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem bu saparyň iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitjekdigi, Malaziýanyň ösen tehnologiýalar hem-de senagat tejribesini öwrenmegiň türkmen telekeçileri üçin örän bähbitli taraplarynyň bardygy bellenildi.
Gepleşigiň ahyrynda çykyş eden mugallymlar ýurdumyzy halkara derejesinde dünýä tanadýan, dünýä döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar.