
Täzelikler
110

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri 22–25-nji iýun aralygynda Beýik Britaniýanyň Liwerpul uniwersitetinde geçirilen Halkara maslahata gatnaşdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine uniwersitetiň Kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň uly mugallymy Yslam Orazow hem-de uniwersitetiň Ylmy-tehnologiýa merkeziniň müdiri Ahal Akgaýew girdi. Bu iri halkara forumyna dünýäniň 27 ýurdundan 71 uniwersitetiň 157 wekili gatnaşdy.
CDIO (Conceive, Design, Implement, Operate) boýunça maslahatyň esasy mowzugy «Talyplaryň hünär taýdan ösüşini kämilleşdirmek: bahalandyrmada we ikitaraplaýyn arabaglanyşykda innowasiýalar» diýlip kesgitlenildi. Şoňa laýyklykda çykyşlarda inženerçilik bilimi ulgamynda talyplaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek, bilimleri bahalandyrmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak hem-de ikitaraplaýyn arabaglanyşygyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň uniwersitetiniň wekilleri çykyş edip, ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan ylmy işler, kiberfiziki ulgamlar we häzirki zaman tehnologiýalary boýunça geçirilýän ylmy barlaglar, şeýle hem inženerçilik bilimini ösdürmek babatda toplan tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.