
Täzelikler
76

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 22-23-ne Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet baştutany Ilham Aliýewiň başlangyjy bilen döwlet saparynda boldy. Geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler, baglaşylan Ähtnamalardyr şertnamalar iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini aýan etdi. Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary iki döwletiň taryhynda möhüm waka bolup, Türkmen-Azerbaýjan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge täze itergi berer.
Çykyşlarda bellenilşi ýaly, döwletleriň strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki tapgyry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin aýdyň ugurlary kesgitleýän ýokary derejedäki syýasy dialog bilen häsiýetlendirilýär. Söwda, ykdysady, energetika hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň esasy binýady bolup çykyş edýär.
Iki ýurduň hem uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolmagy dünýäniň energetika bazarynda tagallalary utgaşdyrmak giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiligini açýar. Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan formaty üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bitewi ulag-logistika ulgamyny döretmäge, üç doganlyk döwletleriň üstaşyr kuwwatyny birleşdirýän senagat önümçiligini ösdürmäge gönükdirilýär.
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistan-Azerbaýjan hyzmatdaşlygy dogrusynda söhbetdeşlik taýýarlap, teletomaşaçylara hödürledi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti