
Täzelikler
168

2026-njy ýylyň iýun aýynyň 27-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Söhbetdeşligiň dowamynda bulardan başga-da Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1671 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji yyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2026-njy ýyl üçin meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada bellenip geçildi. Söhbetdeşlik dolulygyna «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan teleýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara gatnaşyklary ýokarlandyrmakda, halkara bilermenler bilen tejribe alyşmakda, ýaşlary ýokary derejesinde hünärmenler edip ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.